Türkmenistan we Italiýa netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

06.11.2019

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Italiýa Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Birnäçe sagatdan soňra hormatly Prezidentimiziň uçary Fýumiçino Halkara howa menziline gondy. Italiýanyň paýtagtyndan 30 kilometr uzaklykda, Rimiň günorta-günbatar gapdalynda ýerleşýän bu iri howa menzili meşhur suratkeş we alym Leonardo da Winçiniň adyny göterýär.

Uçaryň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly ýurduň ýokary wezipeli wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşylaýarlar.

Türkmen Lideriniň awtoulag kerweni howa menzilinden kaşaň «Rome Cavalieri» myhmanhanasyna ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza saparyň dowamynda bölünip berlen kabulhana ýerleşýär.

Ertir — 7-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň we Premýer-ministr Juzeppe Konteniň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçiriler. Şolaryň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Bu sapar soňky ýyllarda döwletara türkmen-italýan gatnaşyklarynyň düýpli işjeňleşendiginiň aýdyň mysalydyr. Bu gatnaşyklaryň okgunly ösüşi iki dostlukly ýurduň deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbidine hormat goýmak uzak möhletleýin we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan giň gerimli hyzmatdaşlyga gönükdirilendigini tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bitarap Türkmenistanyň daşary döwletler bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat ugry hut şu ýörelgelere esaslanýar.

Mälim bolşy ýaly, Ýewropa ugry bu döredijilikli strategiýanyň düýpli şahalarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýewropaly hyzmatdaşlaryň ýurdumyz bilen döwletara derejesinde bolşy ýaly, Türkmenistan —Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklarynyň çäklerinde hem netijeli özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýokary derejede gyzyklanýandyklaryny bellemek gerek.

Türkmen-italýan hyzmatdaşlygy barada aýdylanda bolsa, onuň ösüşine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy ýylda bolan resmi sapary, şübhesiz, güýçli itergi berdi. Ol, hakykat ýüzünde, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze tapgyryň başlangyjyny goýdy.

2015-nji ýylyň maýynda döwlet Baştutanymyzyň Italiýa Respublikasyna bolan iş sapary özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, şol sanda söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etdi. Ondan has öňräk, 2014-nji ýylyň noýabrynda bolsa Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri ýurdumyza iş sapary bilen geldi.

Häzirki wagtda iki ýurduň işewürler toparynyň gatnaşyklarynyň hatarynda nebitgaz ulgamynda, gurluşykda, dokma senagatynda we beýleki ugurlarda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň oňyn tejribesi bar. Bu ugurda bütin dünýäde meşhur “ENI” italýan kompaniýasynyň ýurdumyzdaky köpýyllyk netijeli işini mysal getirmek bolar. Bu kompaniýa 2008-nji ýyldan bäri önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşygyň şertlerinde «Nebitdag» şertnamalaýyn çäginde uglewodorodlary gözläp tapmak we gazyp almak işlerini amala aşyryp gelýär. Ýurdumyzdaky iri senagat we düzümleýin desgalar hem häzirki zaman italýan enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Şunuň bilen birlikde, şu ýylyň 1-nji noýabrynda bolan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan özara bähbitli gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin hemme zerur şertler bar.

Ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady we serişde kuwwaty, senagatlaşdyrmaga we öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmaga alan ugry, giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň hem-de düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, türkmen bazarynda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy — bularyň hemmesi dürli ulgamlarda netijeli özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, ysnyşykly işewür gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Ýokary derejedäki duşuşyklaryň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň agzalary Italiýanyň işewürler toparlarynyň wekilleri bilen, şol sanda Milanda geçirilen işewürler forumynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Şolarda özara söwdanyň mukdaryny mundan beýläk-de artdyrmak, energetikada, ulag-kommunikasiýa toplumynda, oba hojalygynda, telekeçilikde we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň we Italiýanyň Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki abraýly halkara düzümleriniň çäklerinde birek-biregiň öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny we tekliplerini goldamak bilen, halkara giňişliginde hem ygtybarly özara gatnaşyklary alyp barýandygyny bellemek gerek. Biziň ýurtlarymyz parahatçylygy hem-de howpsuzlygy, ulag we energetika diplomatiýasyny pugtalandyrmakda, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek ýaly düýpli meselelerde garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini görkezýärler.

Türkmenistan bilen Italiýa döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem aýratyn ähmiýet berýär. Bu babatda bilim we ylym, syýahatçylyk hem-de sport özara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarydyr. Türkmen we italýan halklary baý gadymy medeniýetiň mirasdüşerleridir, munuň özi netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak, medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Häzirki gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrjak ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, taraplaryň erk-islegine, netijeli syýasy, ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanmalaryna esaslanýan türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň uly geljeginiň bardygyny ynamly tassyklamak bolar. Özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça bar bolan ägirt uly kuwwat we maksatnamalar munuň ygtybarly kepilidir, şolaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň we Italiýanyň dostlukly halklarynyň abadançylygyna hem-de rowaçlygyna hyzmat eder.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün

Türkmenistanyň milli manadynyň 26 ýyllygy

Türkmenistan döwletimiz 1991-nji ýylda Garaşsyzlygyny yglan etmegi bilen bank ulgamynyň ösüşini güýçlendirmek, ýurdumyzda bu ulgamy kämilleşdirmek, bitewi döwlet pul-karz syýasatyny amala aşyrmak, halkara bileleşigi we abraýly halkara maliýe düzümleri bilen özygtyýarly hem-de doly hukukly agzasy hökmünde çykyş etmeginde 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmegi esasy orny tutýandyr. 1993-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda kabul edilen “Türkmenistanyň pul birligi hakynda” kanuna laýyklykda Türkmenistanyň çäginde ýeke-täk kanuny serişdesi bolup manat çykyş edýär. 2019-njy ýylyň 1-nji noýabrynda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegine 26 ýyl dolýar. 26 ýylyň dowamynda milli manadymyz diňe bir hasaplaşyk serişdesi bolman, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine uly ähmiýet berýän milli buýsanjymyza öwrüldi.

Manat ýurdumyzy ösüşiň ýoly bilen üstünlikli ilerletmekde, ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwletliliginiň esaslaryny berkitmekde ähmiýetli orun eýeleýär. “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynda ýurdumyzyň gazanan uly üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan çuňňur oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulmagyna gönükdirilen ykdysady strategiýanyň gös-göni netijesi bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça giň gerimli milli maksatnamalar we konsepsiýalar, şeýle hem dürli pudaklaryň, şol sanda bank ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

2013-nji ýyla çenli ýurdumyzyň ilatynyň arasynda milli manat esasan nagt görnüşinde dolanyşykda aýlanan bolsa, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 3-nji oktýabryndaky 13240-nji belgili kararyna laýyklykda nagt däl tölegleriň möçberini giňeltmek maksady bilen zähmet haklaryny, pensiýa we döwlet kömek pullaryny bank kartlaryna geçirmek tejribesi ornaşdyryldy. “Altyn asyr” bank kartlary ýurdumyzyň ilatynyň pul serişdeleriniň goragly saklanmagyny üpjün etmek bilen, şol bir wagtda bank kartynyň galyndysyna göterim girdejililigi hödürleýär. Şonuň bilen birlikde, bank kartlaryna geçilmegi bilen nagt däl hasaplaşyklaryň amatlyklaryndan doly peýdalanmak üçin bank ulgamy tarapyndan ýurdumyzyň söwda merkezlerinde, bazarlarynda, dükanlarynda hem-de dürli hyzmatlary hödürleýän nokatlarynda bank kartlary arkaly nägt däl hasaplaşyklary amala aşyrmak üçin töleg terminallary ornaşdyryldy. Şeýle hem, ýurdumyzyň banklary tarapyndan müşderilere döwrebap hyzmat etmek maksady bilen, “Internet-bank”, “Mobile-bank” hem-de onlaýn tölegler hyzmatlary giň gerim bilen hödürlenýär. Bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak ugrunda geçirilýän işleriň netijesinde, müşderilere “Goýum bank karty”, “Maşgala” bank kartlary hem-de ýokary girdejiligi bolan dürli möhletli goýumlary hödürlenýär. Bu hyzmatlar müşderilere ep-esli ýeňillikleri üpjün etmek we peýdaly bolmak bilen bir hatarda, banklar üçin hem müşderilere hyzmat etmegiň netijeli döwrebap görnüşi bolup durýar. Müşderiler hyzmat edýän bankyna barmazdan, islendik ýerden menzilara, gije-gündiz öz hasaplaryny ulanyp, köpdürli bank hyzmatlaryndan peýdalanmak arkaly banklar bilen yzygiderli aragatnaşyk saklap bilýärler.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky 984-nji karary esasynda kabul edilen «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, sanly ykdysadyýete geçmek, onlaýn tertipde müşderilere hyzmatlary we harytlary hödürlemek boýunça işler ýurdumyzda giň gerim bilen alnyp barylýar. Sanly ykdysadyýete geçmek boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde bank ulgamy tarapyndan ýurdumyzyň edara-kärhanalaryna we telekeçilerine öz müşderilerine internet sahypalary we internet dükanlary arkaly harytlary we hyzmatlary menzilara hödürlemek hem-de internet arkaly onlaýn hasaplaşyklaryny amala aşyrmak üçin amatly mümkinçilikler döredilýär. Muňa mysal edip, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmendemirýollary” agentliginiň www.railway.gov.tm internet sahypasyndan ýa-da Android we IOS operasion ulgamly telefonlar üçin döredilen programmasy arkaly demir ýol ýolagçy gatnawlary üçin, howa ýol gatnawlary üçin www.turkmenistanairlines.tm internet sahypasyndan, şäherara awtobus gatnawlary üçin www.awtomenzil.gov.tm internet sahypasyndan diýarymyzyň islendik künjeginden we gije-gündüziň dowamynda “Altyn asyr” bank karty arkaly elektron petekleri nagt däl görnüşinde satyn alyp bolýandygyny görkezmek bolýar. Şeýle hem, “Altyn asyr” bank kartlaryny ulanyjylar onlaýn tertipde ýolagçylara hödürlenýän howa ýol, demir ýol we şäherara awtobuslary üçin elektron peteklerinden başga, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň hödürleýän dokma onümlerini hem-de beýleki hojalyk harytlaryny hödürleýän internet sahypalarynda we dükanlarynda sargyt eden harytlary üçin menzilara nagt däl hasaplaşyklary geçirip bilýärler. “Internet-bank”, “Mobile-bank” hem-de onlaýn tölegler hyzmatlary müşderiler tarapyndan gowy garşylanmagy, nagt däl hasaplaşyklaryň amatlydygyny we peýdalydygyny görkezýär hem-de milli manadymyzyň nagt däl görnüşindäki aýlanşygynyň möçberiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär.

Ýurdumyzyň banklarynyň öňünde durýan wezipelerine laýyklykda milli manadyň hümmetini berkitmek, goýumlaryň möçberlerini artdyrmak, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek hem-de täze döwrebap bank hyzmatlaryny girizmek boýunça işler yzygiderli amala aşyrylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň abadançylygy, Türkmenistanyň gülläp ösmegi barada gije-gündiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman, il-ýurt bähbitli beýik tutumlary hemişe rowaç bolsun.

Türkmenistanyň “Türkmenistan” Döwlet täjirçilik bankynyň

Ykdysady seljeriş we çaklaýyş müdirliginiň başlygy

Pirliýew Wepa

“Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynda nagt däl hasaplaşyklaryň ösüşi

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 3-nji oktýabryndaky 13240 belgili kararyna laýyklykda nagt däl tölegleriň möçberini giňeltmek maksady bilen, zähmet haklaryny, pensiýa we döwlet kömek pullaryny bank kartlaryna geçirmek tejribesi ornaşdyryldy. Nagt däl hasaplaşyklaryň amatlyklaryny doly peýdalanmak üçin bank ulgamy tarapyndan ýurdumyzyň söwda merkezlerinde, bazarlarynda, dükanlarynda we dürli hyzmatlary hödürleýän nokatlarynda töleg terminallary ornaşdyryldy hem-de “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlary müşderilere giňden hödürlendi. “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlary arkaly müşderiler aragatnaşyk hyzmatlarynyň töleglerini, bank karzlarynyň esasy bergi we göterim töleglerini hem-de bir “Altyn asyr” bank kartyndan başga “Altyn asyr” bank kartyna pul geçirimlerini amala aşyryp bilýärler. Bu hyzmatlar amatly we peýdaly bolandygy sebäpli, müşderiler tarapyndan gyzgyn garşylandy we häzirki wagtda giňden ulanylýar. Bank hyzmatlary bilen birlikde, sanly ykdysadyýete geçmek boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde bank ulgamy tarapyndan ýurdumyzyň edara-kärhanalaryna we telekeçilerine öz müşderilerine internet sahypalary we dükanlary arkaly harytlary we hyzmatlary menzilara hödürlemek hem-de internet arkaly onlaýn hasaplaşyklaryny amala aşyrmak üçin amatly mümkinçilikler döredildi. Muňa mysal edip, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmendemirýollary” agentliginiň www.railway.gov.tm internet sahypasy ýa-da Android we IOS operasion ulgamly telefonlar üçin döredilen programmasy arkaly diýarymyzyň islendik künjeginde we gije-gündüziň dowamynda demir ýol ýolagçy gatnawlary üçin elektron peteklerini “Altyn asyr” bank karty arkaly nagt däl satyn alyp bolýandygyny görkezmek bolýar.

Elektron peteklerini menzilara satyn almak bilen, raýatlar haýsy şähere we haçan gitjekdigini hem-de demir ýol wagonynda haýsy ýerde oturjagyna çenli saýlap bilýärler.

Şeýle hem, Türkmenistanda dokma önümlerini öndürijileriň öňdebaryjylarynyň biri bolan GALA dükany ýurdumyzyň ilatyna www.gala.com.tm internet dükany arkaly dokma önümleriniň dürli görnüşlerini hödürleýär. Bu internet dükanynda, müşderiler dürli dokma önümleri bilen tanyş bolup, göwnüne ýaran önümiň reňkini we ölçegini saýlap, onlaýn tertipde “Altyn asyr” bank karty arkaly nagt däl tölegi amala aşyryp bilýärler.

Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky 984-nji karary esasynda kabul edilen «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, sanly ykdysadyýete geçmek, onlaýn tertipde müşderilere hyzmatlary we harytlary hödürlemek boýunça işler ýurdumyzyň hususy eýeçiligindäki edara-kärhanalar we telekeçiler tarapyndan hem alnyp barylýar. Muňa mysal hökmünde, ýurdumyzyň ilatyna kompýuter we öý hojalyk tehnikasyny hödürleýän www.akyoltm.com internet dükanyny görkezmek bolar. Bu internet dükanynda müşderiler özüniň göwnüne ýaran kompýuter we öý hojalyk tehnikasyny saýlap, mukdaryny we eltip bermeli salgysyny görkezip, “Altyn asyr” bank karty arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirip bilýärler. Bu internet dükanynda satyn alynan harytlar gysga wagtyň dowamynda Türkmenistanyň çägindäki ähli şäherlerine mugt eltip berilýär.

“Altyn asyr” bank karty arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini has-da artdyrmak üçin, bank hyzmatlaryny müşderilere menzilara ýerine ýetirmegiň birnäçe usullaryny ösdürmek ugrunda, şol sanda kompýuterleriň, öýjükli telefonlaryň we planşetleriň üsti bilen “Inernet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlarynyň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça işler dowam edilýär. Täze tehnologiýalary ulanmak arkaly, ýagny öýjükli telefon aragatnaşygyny, töleg nokatlaryny we internet ulgamyny ulanmak esasynda elektron tölegler ulgamy ösdürilýär. Şeýle hem “Altyn asyr” bank kartlarynyň üsti bilen geçirilýän nagt däl tölegleriň gerimini mundan beýläk hem giňeltmek we bank kartlary arkaly hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Hususan-da, ilatyň jaý-jemagat hyzmatlary üçin töleglerini geçirmek mümkinçiliginiň ýola goýulmagy meýilleşdirilýär.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly özgerişlikleriň amala aşyrylmagy dowam edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgesinden ugur alýan bu özgerişlikleriň netijesinde, ýurdumyzyň sanly ykdysadyýete geçmegi, nagt däl hasaplaşyklaryň ösmegi hem-de onlaýn tölegleriň ýaýramagy bilen ähli raýatlaryň gymmatly wagtyny tygşytlamagy, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna, dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze hyzmatlaryň hödürlenmegine we Watanymyzyň ösüşiň ýoly bilen täze rowaçlyklara ýetmegine ýardam edýär.

Ykdysady seljeriş we çaklaýyş

müdirliginiň başlygy Pirliýew Wepa

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” bank ulgamynyň ösüşiniň çeşmesi.

Hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylyň 1-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” tassyklady. Watanymyzyň durmuş-ykdysady şekilini düýpgöter özgertmäge niýetlenilen bu strategiki resminamanyň kabul edilmegi bilen, Gahryman Arkadagymyzyň döwlet dolandyryşynyň we halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň nobatdaky tapgyry bolup durýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” ýakyn ýedi ýylyň dowamynda ähli pudaklarda geçiriljek toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, jemi içerki önümiň ösüş depginini 2019-njy ýylda 6,3 göterime, 2025-nji ýylda 8,2 göterime ýetirilmegi maksat edildi. Maksatnamada bellenen toplumlaýyn çäreleri ýerine ýetirilmegi bilen, jemi içerki önümiň düzüminde senagat pudagynyň tutýan paýy 33,8 göterime, oba hojalyk pudagynyňky 8,9 göterime, gurluşyk pudagynyňky 11,5 göterime we hyzmatlar ulgamynyňky 45,8 göterime deň bolar. Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryň öňünde goýýan strategiki wezipeleri we bellenilen ykdysady görkezijileri ýerine ýetirmekde bank ulgamy möhüm orny eýeleýär. Ähli pudaklar bilen bilelikde Türkmenistanyň bank ulgamynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak, şol sanda täze dörediljek senagat önümçiliklerini maliýeleşdirmek arkaly ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, tapgyrlaýyn sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak hem-de müşderilere menzilara hyzmat etmek ýola goýlar.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” düzüm bölegi bolup durýan “Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019–2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, 2019–2025-nji ýyllarda ýurdumyzda alnyp barylýan pul-karz we maliýe syýasatynyň çäklerinde milli pulumyzyň hümmetiniň durnukly saklanmagy üpjün edilip, ýurduň ykdysadyýetini ýeterlik derejede pul serişdeleri bilen üpjün etmek, pul toplumyny kadalaşdyrmak we gözegçilikde saklamak boýunça degişli işleriň geçirilmegi dowam ediler. Milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe bäsdeşlige ukyply we innowasion ösüşe eýe bolan bank ulgamy durnukly we ygtybarly bolup durar. Ýurdumyzyň banklarynyň ygtybarlylygyny, ykdysady we maliýe durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin banklaryň maýalyk gorlaryny artdyrmak, şeýle hem maýanyň möçberiniň karz edaralarynyň işiniň barşynda bolup biljek töwekgelçiligini ýapmaga ýeterlik bolmagyny üpjün etmek ugrunda degişli işler dowam ediler. Şeýle hem, 2019-2025-nji ýyllarda ýurdumyzyň bank ulgamynyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin banklar tarapyndan alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrylyp, umumy dolandyryş işleriň hilini ýokarlandyrmak, elektron resminama dolanyşyk ulgamyny kämilleşdirmek hem-de täze inowasiýalary ornaşdyrmak arkaly müşderilere hödürlenýän bank hyzmatlarynyň amatlylygy artdyrylar.

Maksatnamanyň durmuşa geçirilýän döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda geçiriljek düzümleýin özgertmeleriň çäklerinde, Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleri esasynda döwletiň paýynyň agdyklyk etmeginde banklaryň guramaçylyk-hukuk görnüşi üýtgedilip, paýdarlar jemgyýetine tapgyrlaýyn geçirip, paýnamalary goýbermek we olary ýerlemek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem sap peýdany esaslyk maýasyna gaýtadan maýalaşdyrmak arkaly esaslyk maýanyň möçberi artdyrylar. Munuň özi ýurdumyzyň banklarynyň serişdeler binýadyny has-da artdyrmaga, milli we daşary ýurt maýadarlaryny çekmäge hem-de maýa goýum işjeňligini ösdürmäge mümkinçilik berer.

2019–2025-nji ýyllarda bank hyzmatlaryny müşderilere menzilara ýerine ýetirmegiň birnäçe usullaryny ösdürmek ugrunda degişli işler geçiriler, şol sanda kompýuterleriň, öýjükli telefonlaryň we planşetlaryň üsti bilen “Inernet bank” we “Mobil bank” hyzmatlarynyň mümkinçilikleri artdyrylar. Täze tehnologiýalary ulanmak arkaly, ýagny öýjükli telefon aragatnaşygyny, töleg nokatlaryny, şeýle hem internet ulgamyny ulanmak esasynda elektron töleg we elektron pullary ulanmak ulgamy ösdüriler. Şeýle hem “Altyn Asyr” bank kartlarynyň üsti bilen geçirilýän nagt däl tölegleriň gerimini mundan beýläk hem giňeltmek we bank kartlary arkaly hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça işler dowam etdiriler. Hususan-da, bank karzlaryny gaýtarmak, aragatnaşyk hyzmatlarynyň töleglerini, ilatyň jaý-jemagat hyzmatlary üçin töleglerini, dürli salgytlary we ýygymlary, döwlet ätiýaçlandyryş töleglerini we beýleki tölegleri geçirmek mümkinçilikleriň ýola goýulmagy meýilleşdirilýär. Şeýle hem, hasaplaşyk-töleg ulgamynda döwrebap tehnologiýalary müşderilere hödürlemek maksady bilen bölek satuw we hyzmat ulgamynda QR-code (dessin tassyklanylýan kod) arkaly hasaplaşyklar giňden hödürlener.

Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky 984-nji karary esasynda kabul edilen «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň, şol sanda hem bank ulgamynyň sanly ykdysadyýete geçmegi bilen, diňe bir bank ulgamynyň işewürlik mümkinçiliklerini artdyrman, eýsem bank hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna, hyzmatlaryň täze döwrebap görnüşleriniň döremegine, harajatlaryň we sarp edilýän wagtyň tygşytlanmagyna ýardam berer. Ýurdumyzyň banklarynyň kart ulgamyny kämilleşdirmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň «Ösüş ugrunda halkara maliýeleşdirişiň elýeterligini giňeltmekde hyzmatdaşlyk» atly meýilleşdirilen Ösüş maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde, sanly ulgama geçmek bilen birlikde, banklaryň öz müşderileri bilen töleg we maglumat beriş resminamalarynyň elektron dolanyşygyny «Internet bank» ulgamy arkaly ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa bank hyzmatlaryndan peýdalanýan ähli müşderilere hyzmat edýän bankyna barmazdan, islendik ýerden, gije-gündiz öz hasaplaryny ulanmaga we zerur bolan maglumatlary almaga mümkinçilik berer.

“Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýediýyllyk maksatnamanyň tassyklanmagy bilen, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly özgerişikleriň amala aşyrylmagyna badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçin!” diýen ynsanperwer ýörelgesinden ugur alýan bu özgerişlikler, ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna, dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze hyzmatlaryň hödürlenmegine hem-de Watanymyzyň ösüşiň ýoly bilen täze rowaçlyklara ýetmegine ýardam edýär.

Ykdysady seljeriş we çaklaýyş

müdirligiň başlygy Pirliýew Wepa

Turkmen
Vulnerability Scanner