Bank barada

       Ýurdumyz beýik Galkynyş hem täze özgertmeleriň zamanasynda ykdysadyýetde uly üstünliklere ýetdi. Türkmen manadynyň daşary ýurt puluna bolan ýeke-täk hümmetini sakalamak ugrundaky tagallalar, milli pulumyzyň denominasiýasynyň geçirilmegi, durnuklaşdyryş gaznasynyň döredilmegi, alnyp barylýan beýleki işleriň ählisi ýurtda adam hakyndaky aladanyň netijesidir.

       Türkmenistan döwletimiz tarapyndan geçirilýan dürli ykdysady forumlar we sergiler muňa aýdyň mysal bolup durýar.  “Türkmenistan” Döwlet täjirçilik bankynyň müşderleri hem ýurt tarapyndan geçirilýan sergilere gatnaşyp, şolarda daşary ýurt haryt öndürijiler bilen iki tarapa peýdaly, amatly şertnamalara gol çekişýarler. "Türkmenistan" bankyň amala aşyrýan walyuta amallaryň görnüşleri:

  • Türkmenistanyň rezidenti bolan hem rezidenti däl edara görnüşli taraplara, telekeçilere, halkara guramalaryna, daşary ýurdyň we Türkmenistanyň raýatlaryna daşary ýurt pullarynda bank hasaplaryny açmak hem ýöretmek;
  • Söwda degişli däl bank amallaryny amala aşyrmak (Türkmenistanyň ýa-da daşary ýurt raýatlaryna daşary ýurt walyutasynda hyzmat etmek);
  • Daşary ýurt banklarda korespondent hasaplary açmak we ýöretmek (“Nostro” hasaplar), hem-de korespondent hasaplary açmak we hyzmat etmek (“Loro” hasaplar);
  • Eksport-import bilen baglanyşykly halkara hasaplar boýunça amallary amala aşyrmak;
  • Nagt daşary ýurt walýutasynda amallary amala aşyrmak;
  • Inkasso, kepillik, we akkreditiw amallary amala aşyrmak.

       Türkmenbank maliýe bazarlardaky tendensiýalaryň mydama üýtgäp durýandygyny nazara alyp, dünýä çökgünligini göz öňünde tutup, ähli bank täzeliklerinden habarly bolmak, diling amallary amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň Merkezi bankynyň REUTERS DEALING söwda-maglumat ulgamy bilen bilelikde iş çalyşýar.

 

Turkmen