Bankyň pul dolanşygy

     Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň pul dolanyşygynyň işi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň 1999-njy ýylyň 13-nji awgustyndaky 119 belgili gözükdirijisine laýyklykda amala aşyrylýar.

     Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky boýunça kassalaryna gelýän nagt puluň möçberini kesgitlemek we hyzmat edilýän müşderileri nagt pul bilen üpjün etmek üçin kassa dolanşygynyň her çärýek üçin çaklamasy düzülýär. Munuň üçin, çärýek başlanmazyndan 35 gün öňünden bank tarapyndan eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki edaralardan, kärhanalardan we guramalardan çärýeklik kassa ýüztutmasyny talap edilýär. Şeýle hem, kassa ýüztutmasynyň esasynda zähmet haky üçin pul berilmegiň kalendar tertibi düzülýär we şol bir wagtyň özünde zähmet haky üçin goýberilýän nagt pullaryň berilmegine bankyň hünärmenleri tarapyndan gözegçilik amala aşyrylýar.

     Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen nagt puluň girdeji we çykdajy kassa dolanyşygynyň çaklamaşyny ýerine ýetirmek üçin «Türkmenbankyň» ähli şahamçalary boýunça her aýda seljerme geçirilýär. Netijede, nagt puluň iň köp möçberde gelmegini we onuň eýeçiligindäki ähli görnüşlerindäki edaralar, kärhanalaryň we guramalaryň harajatlary üçin bankyň kassasyndan bada-bat berilmegini üpjün etmek maksady bilen degişli çäreler durmuşa geçirilýär.

     Her ýyl birinji çärýek tamamlanmazyndan öň (1-nji marta çenli) hyzmat edilýän kärhanalaryň we guramalaryň ählisi üçin kassadaky nagt pul galyndysynyň çägi bellenýär. Kärhananyň haýyş etmegi boýunça kassadaky nagt pul galyndysynyň çägine ýylyň dowamynda gaýtadan seredilip bilner. Şonuň bilen bilelikde, hojalyk harajatlary we oba hojalyk önümlerini satyn almak üçin bankyň kassasyndan nagt puly çek kitapçasy boýunça alyp harçlamagyň kadalary bellenýär. Nagt puluň harçlanyşyna, ýagny onuň möçberiniň Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan 1997-nji ýylyň 1-nji maýynda bellenen ýokary çäklerinden artyk bolmazlygyna hemişelik gözegçilik edilýär. Ilatdan oba hojalyk önümlerini satyn almak üçin jemgyýetçilik iýmitiniň döwlet söwda kärhanalaryna we alyjylar jemgyýetlerine bankyň kassasyna tabşyrýan pulunyň 30 göterimine çenli möçberi berilýär. Oba hojalyk önümlerini satyn almak üçin Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasynyň taýýarlaýjy we gaýtadan işleýji kärhanalaryna olaryň hasaplaşyk hasaplaryna önüm ýerleşdirmekden gelýän puluň 50 göteriminden 60 göterimine çenli möçberi berilýär.

     Nagt puluň has köp mukdarda gelmegini üpjün etmek maksady bilen eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň kassa düzgün-nyzamynyň doly we dogry berjaý edilişini we zähmet hakynyň maksada laýyk ulanylmagyny hünärmenler tarapyndan barlanyp durýarlar. Kassa düzgün nyzamynyň birnäçe gezek bozulan ýagdaýy ýüze çykarylan halatynda, bu baradaky degişli maglumatlar bank tarapyndan salgyt gullugyna we edralaryň ýokary guramasyna hat üsti bilen habar berilýär.

     Elektron resmi namalaryň dolanşygyny we töleg ulgamynyň netijeliligini artdyrmak arkaly nagt däl hasaplaşyklary has ösdürmek, pul serişdeleriniň dolanyşygyny çaltlandyrmak, söwda we hyzmatlar babatda olaryň hasabynyň ýöredilişini hem-de dolanyşygyna gözegçiligi kämilleşdirmek, şeýle hem milli pulumyzyň hümmetini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň "Türkmenistan" döwlet täjirçilik bankynyň müşderileri bolan, hyzmat edilýän söwda edara-kärhanalarynda, ilata hyzmat edilýän nokatlarynda “ALTYN ASYR” plastiki kartoçkalary üsti bilen hasaplaşyklary geçirilýän terminal enjamlary gurulýar.

     «Türkmenistanyň milli pul birliginiň denominasiýasyny geçirmek (gymmatyny üýtgetmek) hakynda» Türkmenistany. Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 27-nji awgustyndaky PP-5161 belgili Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen 2009-nj ýylyň başyndan Türkmenbankyň hemme ulgamlary tarapyndan müşderleri bolan hemme eýeçilikdäki edara-kärhanalardan we raýatlardan köne nusgada bolan bonknotlary kabul edilýär. Şol bir wagtyň özünde bankyň kassa nokatlarynda manadyň köne nusgalaryny täze nusgalaryna alyş-çalyş edilýär.

Turkmen