Zähmet haky

     Türkmenistanyň "Türkmenistan" döwlet täjirçilik bankynyň düzümindäki hyzmat edilýän eýeçiligiň ähli görnüşindäki edaralaryň, kärhanalararyň we guramalaryň zähmet haklaryny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2005-nji ýylyň sentýabr aýynyň 1-ine tassyklan tertibi esasynda („Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň kärhanalaryna, edaralaryna zähmet hakyny tölemek pul serişdeleriniň berlişini düzgünleşdirmegiň Tertibi“) amala aşyrylýar.

     Zähmet hakyny tölemäge serişdeleri almak üçin hyzmat edilýän eýeçiligiň ähli görnüşindäki edaralar, kärhanalar we guramalar hasabat döwri (çärýek, ýarymýyllyk, 9 aý, ýyl) tamamlanandan soň bellenen nusgadaky güwähatlary banka tabşyrýarlar:

- Tertibe degişli 1 belgili Goşundy.

     Güwähatdaky maglumatlar ýylyň başyndan gelýän netijeler bilen düzülýar. Şeýle hem, guramalar güwähat bilen bilelikde şu aşakdaky resminamalary banka tabşyrýar:

- "Kärhananyň balansy" atly 1 belgili nusgadaky kärhananyň hasabatyny;

- kärhananyň balansyna goşulýan 5, 2, 4 belgili nusgadaky Goşundyny;

- zähmet boýunça statistiki hasabaty (1 - T nusga).

     Banka berilýän maglumatlaryň dogrylygyny barlamak üçin goşundylar bilen berilýän kärhananyň balansy salgyt gullugynyň belligi, statistik hasabat bolsa, statistika edarasynyň belligi goýlan halatynda kabul edilýär.

     Türkmenistanyň "Türkmenistan" döwlet täjirçilik bankynyň müşderileri bolan, hyzmat edilýän eýeçiligiň ähli görnüşindäki edaralar, kärhanalar we guramalar tarapyndan banka tabşyrýan maglumatlarynyň dogrylygyny, zähmet haky üçin bankdan alnan nagt serişdeleriň maksadalaýyk ulanylýandygyny we zähmet haklarynyň özwagtynda tölenilýändigi ýa-da tölenilmeýändigi barada bankyň hünärmenleri tarapyndan ýokarda ady agzalýan gözükdirijä laýyklykda edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň özünde zähmet haky boýunça barlaglary geçirýärler.

     Zähmet haky (hasaplaşyk hasaplarynda serişdeleriň ýokdugy sebäpli) wagtynda tölenilmedik halatynda eýeçiligiň ähli görnüşindäki edaralar, kärhanalar we guramalar "Tölenilmedik zähmet haky boýunça bergiler" baradaky maglumaty hat üsti bilen hyzmat edýän banklaryna ýollaýar.

     Türkmenistanda halkara we ýerli töleg kartlaryny giňden ulanmak esasynda ýurduň pul dolanyşygy-karz beriş ulgamyny kämilleşdirmek, nagt däl hasaplaşyklary has ösdürmek, milli ykdysadyýetde pul serişdeleriniň dolanyşygyny çaltlandyrmak, şeýle hem ilatyň nagt pul serişdelerini nagt däl pul dolanyşygyna çekmek maksady bilen Türkmenistanyň "Türkmenistan" döwlet täjirçilik bankynyň müşderileri bolan, hyzmat edilýän eýeçiligiň ähli görnüşindäki edaralary, kärhanalary we guramalary zähmet haklaryny almagynyň ýeňňilleşdirmegi maksady bilen “ALTYN ASYR” plastiki kartoçkalary girizilýär.

     “ALTYN ASYR” plastiki kartoçkalaryň bähbitli tarapy nagt däl görnüşde söwda nokatlarynda hasaplaşyk geçirmek we jemagat hyzmat töleglerini amala aşyrmak ýagdaýlarynda ýeňňillik berýär.

Turkmen